Habarlar

Döwrebap awtotürgenleşik meýdançasy

30.06.2025

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dürli dabaralaryna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň köp mazmunly çäreleri biri-birine ulaşýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň welaýat şahamçasynyň Balkanabat şäherindäki awtotürgenleşik meýdançasynyň açylyş dabarasy şeýle çäreleriň üstüni ýetirdi. Dabara welaýat, Balkanabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, Mejlisiň deputatlary, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň işgärleri gatnaşdylar.

         Dabarada söz nobatyny alanlaryň nygtaýyşlary ýaly, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz milli ykdysadyýetiň geljegi uly bolan ulag we kommunikasiýalar pudagynyň okgunly ösüşini üpjün etmäge aýratyn üns berýär. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakda, ýokary başarnykly hünärmenleri taýýarlamakda gazanylýan üstünlikler muny doly tassyklaýar. Bu gün dabaraly ulanyşa tabşyrylýan awtotürgenleşik meýdançasy şeýle aladalaryň ajaýyp miweleriniň biridir. Çykyş edenler şeýle döwrebap awtotürgenleşik meýdançasyny gurduryp beren Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler. Şeýle hoşallyk sözleriniň dowamy sungat ussatlarynyň täze taryhy eýýamyň beýik işlerini, eşretli durmuşymyzy, baky Bitaraplygymyzy taryplaýan joşgunly aýdym-sazlaryna, milli tanslaryna utgaşdy.

         Dabaranyň dowamynda gurluşyk işlerinde tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Şeýle-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň welaýat şahamçasyna sowgat eden dürli kysymly täze awtoulaglarynyň açarlarynyň şowhunly el çarpyşmalar astynda gowşurylmagy aýratyn täsirli boldy.  

                Soňra dabara gatnaşyjylar ýaşulularyň ak patasy arkaly ulanyşa tabşyrylan awtotürgenleşik meýdançasynyň, ondaky döwrebap binalaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň buýurmasy boýunça Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky «Demirbetonönümleri» kärhanasy tarapyndan gurlan binalaryň hem-de meýdançanyň kämil enjamlardyr tilsimatlar bilen üpjün edilmegi hemmelerde çuňňur kanagatlanma döretdi. Umumy tutýan meýdany 5 gektardan geçýän awtotürgenleşik meýdançasy kämil kompýuterler, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary ornaşdyrylan okuw otaglarynyň 10-syny özünde jemleýär. Şol sanda bu ýerde kiçi we uly awtoulaglary wideogözegçilik arkaly dolandyrmaga şert döredýän ýöriteleşdirilen okuw otaglarynyň 2-si ýerleşýär. Meýdança­­da okuw tür­gen­le­şik­le­riniň ge­çi­rilýän wagtynda u­lag­la­ryň he­re­ke­ti ba­ra­da­ky mag­lu­matla­ryň hem­ra ara­gat­na­şy­gy ar­ka­ly dis­pet­çer ota­gy­na ýe­ti­ril­me­gi, ulag­la­ryň he­re­ke­ti­ne on­laýn gö­zeg­çi­liginiň ama­la aşyryl­ma­gy ýa­ly aý­ra­tyn­lyk­lar işiň ýokary hilini üpjün edýär. Aw­tou­lag­lar­da or­naş­dy­ry­lan GPS en­jam­la­ry tür­gen­le­şik wagtyn­da ýol he­re­ke­ti­niň ka­da­la­ry­nyň bo­zul­ma­lary­ny dessine bel­li­ge al­ýar hem-de düzgün bozmalar barada gö­zeg­çi­le­re ha­bar ber­ýär. Okuw tür­gen­le­şik wagtyndaky äh­li he­re­ketler barada­ky mag­lu­mat­laryň ýö­ri­te ar­hiw bin­ýa­dyn­da uzak wagtlap sak­lan­magy okuw ders­le­riniň ne­ti­je­liligine, geljekki sü­rü­ji­le­riň hünärleri içgin özleşdirmeklerine oňyn täsirini ýetirýär. Toplumyň şunuň ýaly döwrebap tehnologiýalara we enjamlara daýanmagy hünär öwrenijileriň birbada 300-sine okuw sapaklaryny geçmäge giň mümkinçilik berýär. Iş otaglarynyň döwrebap aragatnaşyk enjamlary, kompýuterler, ýokary hilli mebeller we beýleki zerurlyklar bilen üpjün edilenligini hem bellemek gerek. Munuň özi Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň welaýat şahamçasynyň hünärmenlerini netijeli we halal zähmet çekmäge ruhlandyrýar.