Göwünleri joşa getiren Gurbanlyk

Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilip geçilen Gurban baýramy
welaýatymyzda hem il agzybirliginiň, hoşniýetliliginiň, ynsanperwerliginiň
dabaralanmasyna öwrüldi. Her bir ojakda giň gerim bilen garşylanyp, üç günläp toý-dabaralara
beslenen bu baýramyň şatlyk-şowhuny
ýetik boldy. Balkanabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda welaýat
häkimliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň
bilelikde guramagynda geçirilen baýramçylyk dabaralary munuň şeýledigine aýdyň
şaýatlyk etdi. Çuň mazmuna beslenen baýramçylyk çäreleriniň geçýän ýerinde
birkemsiz bezelen altyganat ak öýlerde toý supralary giňden ýazyldy. Toý
tagamlaryndan dadan adamlar ýeneki ýyllarda Gurban baýramynyň il
agzybirliginde, ýurt parahatçylygynda gelmegini Beýik Biribardan dileg etdiler.
Bagşy-sazandalaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, giňden ýaýbaňlandyrylan amaly-haşam,
el işleriň hem-de muzeý gymmatlyklarynyň sergileri, toý gazanlarynda
taýýarlanylan milli tagamlar Gurban baýramynyň dabarasyny has-da artdyrdy. Ýaşlar
belent-belent bat alyp, hiňňildiklerde uçdular. Milli oýunlaryň dürli
görnüşleri bilen gümra bolýan körpeleri synlamak has-da ýakymly boldy.
Welaýatymyzyň sungat ussatlary özleriniň joşgunly aýdym-sazlary bilen toýa
gelenlere ruhy lezzet paýladylar. Şirin aýdymlarda täze taryhy döwürde Gahryman
Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa
geçirýän beýik tutumlary, Gurban baýramyň mukaddesligi, ýurdumyzda gazanylýan
beýik ösüşler, ýurt Garaşsyzlygymyz, baky Bitaraplygymyz, halkymyzyň asudalygy,
agzybirligi, dost-doganlyk wasp edildi. Halk döredijilik we tans toparlarynyň
çykyşlary hem uly şowhun bilen garşylandy. Ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary
we sportuň dürli görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlar baýramçylygyň dabarasyny
artdyrdy.
Ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, agzybirligi, ruhy päkligi, birek-birege sylag-hormaty alamatlandyrýan Gurban baýramyň dabaralary welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde hem belent joşgunda, ýokary ruhubelentlikde bellenip geçildi.