Awazadaky ajaýyp pursatlar

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Daşary işler
ministrligi hem-de Balkan welaýat häkimligi tarapyndan guralyp, «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynda birnäçe günläp dowam eden «Awaza — dostluk mekany» atly
halkara tans we folklor festiwaly sungat muşdaklarynda uzak wagtlap ýatdan
çykmajak täsirleri galdyrdy. Onda Eýrandan, Hindistandan, Täjigistandan,
Özbegistandan gelen, şeýle-de ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary tans we
folklor sungatynyň köpöwüşginliligini açyp görkezdiler, olaryň gadymdan gelýän
däplerini şöhlelendirdiler. Ýurdumyzyň meşhur tans we folklor toparlarynyň
ýerine ýetiren «Küştdepdi» tansy tomaşaçylarda, şol sanda festiwala
gatnaşyjylarda örän ýakymly duýgulary döretdi. Şeýle buýsanç duýgulary festiwalyň
çäklerinde aýratyn orun alan «Küştdepdi — parahatçylyk waspçysy» atly halkara
maslahatda hem aýdyň ýüze çykdy. Ýeri gelende aýtsak, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň
maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen küştdepdi aýdym
we tans dessury halk döredijiligimiziň giň ýaýran, gadymy görnüşleriniň
biridir. Baýramçylyklarymyzyň, maşgala dabaralarymyzyň bezegi bolan küştdepdi
halkymyzyň kämil pikir-garaýyşlaryny, tämiz duýgularyny, ýokary ruhy galkynyşy
özünde jemläp, hemmeleri parahatçylykly durmuşa çagyrýar. Küştdepdiniň
görnüşlerinden tomaşaçylara ýetirilen görkezme çykyşlaryna myhmanlaryň höwes
bilen goşulyşmaklary munuň özboluşly subutnamasyna öwrüldi.
Festiwalyň çäklerinde
geçirilen döredijilik duşuşyklary, tans sungaty boýunça ussatlyk sapaklary,
halk döredijilik, folklor-etnogarfik toparlarynyň çykyş edip, öz halkynyň milli
sungatyny görkezmekleri, «Rowaç» gämisinde açyk deňze gezelenjiň guralmagy
halkara çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy.
Halkara festiwalynyň ýapylyş dabarasynda oňa
gatnaşyjylara degişli diplomlar gowşurylyp, «Awaza — dostluk mekany» atly
halkara tans we folklor festiwalyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna
Ýüzlenme kabul etdiler. Dabarada oňa gatnaşyjy döredijilik toparlarynyň
bilelikdäki jemleýji konserti tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary arkaly
garşylandy. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň birleşen folklor we tans
toparlarynyň gatnaşmaklarynda ýerine ýetirilen küştdepdi tansy şanly ýyla bezeg
beren halkara festiwalyň jemleýji çykyşyna öwrülip, dünýä halklaryny dostlukly,
hoşniýetli we parahatçylykly gatnaşyklara çagyryşyň mukamy bolup ýaňlandy.