Bagşy-sazandalaryň bäsleşigi

Dutarçy
bagşy-sazandalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry»
atly bäsleşiginiň çäklerinde yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň
welaýatymyz boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Welaýat döwlet drama teatrynda
geçirilen bäsleşige bagşylaryň we sazandalaryň 20-si gatnaşdylar.
Bagşy-sazandalar
bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, türkmen halk aýdym-sazlaryny, mukamçy
kompozitorlaryň döreden eserlerini ýerine ýetirmekde özleriniň
zehin-başarnyklaryny görkezip, täze taryhy döwrümizde halypa-şägirtlik
ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýändiklerini äşgär etdiler. Toý öwüşginli
sahna bezeg beren çykyşlar welaýatymyzda milli saz sungatymyzyň ösmegine,
gadymy senedimiziň baýlaşmagyna goşant goşýan zehinleriň az däldigine göz
ýetirmäge hem mümkinçilik berdi.
Türkmen
halkynyň baý geçmiş mirasyny, dutar ýasamak senetçiligini, dutarda ýerine
ýetirijilik we bagşyçylyk sungatyny geljekki nesillere ýetirmäge, giňden wagyz
etmäge, halypa-şägirtlik ýörelgelerini pugtalandyrmaga, şeýle-de täze ýaş zehinleri
ýüze çykarmaga gönükdirilen bäsleşikde bagşylaryň arasynda Balkanabat şäheriniň
medeniýet merkeziniň bagşysy Serdar Režim, welaýat ýörite sungat mekdebiniň
mugallymy Şamyrat Dawudow, sazandalaryň arasynda welaýat ýörite sungat
mekdebiniň talyby Güljemal Ataýewa,
harby bölümiň dirižýory Gaýgysyz Geldimämmedow ýeňiji bolup, bäsleşigiň ýurt
derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar.
Ýeňijilere hem-de bäsleşikde çykyş eden bagşy-sazandalara gymmatbahaly
sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Türkmen halkynyň dutarda ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk sungatyny geljekki nesillere ýetirmegi, dünýä ýaýmagy, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmagy hem-de höweslendirmegi maksat edinen bu bäsleşik welaýatymyzda halypa-şägirtlik ýoluna eýerýän zehinleriň kemala gelýändigini bütin aýdyňlygy bilen aýan etdi.