Halkara senäniň giň gerimli çäreleri

Welaýatymyzda Çagalary
goramagyň halkara gününiň çäreleri giň gerime eýe boldy. Esasy baýramçylyk
çäreleri Balkanabatdaky «Altynnur», Magtymguly etrap merkezindäki «Arkadagly nesiller»,
Türkmenbaşy şäherindäki «Salkyn kenar» çagalar medeni dynç alyş merkezlerinde,
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Älemgoşar» seýilgähinde we «Rowaç» kottežler
toplumynda geçirildi. Şatlyk-şowhuna beslenen ýatdan çykmajak gyzykly çärelere dürli ýaşdaky çagalar höwes
bilen gatnaşdylar.
Şatlykly pursatlarda çagalar
barada, halkymyz hakynda ägirt uly aladalar edýän, olaryň sagdyn nesiller bolup
ýetişmekleri üçin ajaýyp şert-mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize
tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri aýdyldy. Çäreleriň geçirilýän ýerlerinde
çagalaryň surat çekmek, gum depejiklerini, balykgulaklardan dürli şekilleri
ýasamak, milli oýunlar boýunça bäsleşikleri guraldy.
Çagalary goramagyň halkara güni
mynasybetli welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda bolan dabara
aýratyn şatlyk-şowhuna beslendi. Çagalara hormatly Prezidentimiziň adyndan we
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýörite sowgatlaryň gowşurylmagy
dabaranyň iň täsirli pursatlaryna öwrüldi.
Baýramçylyk dabaralaryndan ruhlanan bagtyýar çagalar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.