Nepis sungatymyzyň ajaýyp baýramy

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň
Zenanlar birleşmesiniň welaýat bölüminiň, welaýat medeniýet müdirliginiň Balkanabat
şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde guran aýdym-sazly dabarasy
ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Dabarada çykyş edenler türkmen halyçylyk
sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagynyň
türkmen halysynyň şöhratyna şöhrat, şanyna şan goşandygyny buýsanç bilen bellediler.
Ussat halyçylar halyçylyk sungatynyň ösdürilmeginde, zähmet çekmek babatda
zerur şertleriň, gadymy nepis sungatyň inçe tärlerini geljekki nesillere
ýetirmekde ähli mümkinçilikleriň döredilendigi üçin hormatly
Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk
bildirdiler.
«Arşyň nepisligi — türkmen halysy» diýen at bilen geçirilen baýramçylyk
dabarasynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, talyp ýaşlaryň
ýerine ýetiren döwrebap aýdym-sazlarynda hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň
berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň hatyrasyna amala aşyrýan dünýä
nusgalyk beýik işleri, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan türkmen
halysynyň şöhraty, ene-mamalarymyzdan miras galan nepis sungaty mynasyp dowam
etdirýän halyçy gelin-gyzlarymyzyň waspy belentden ýetirildi.
Dabaraly çärä gatnaşanlar bu ýerde «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň
welaýatymyzdaky çeper halyçylyk kärhanalarynyň ussat halyçylarynyň dokan täze, ajaýyp halylarynyň hem-de haly
önümleriniň, Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplarynyň
sergisine höwes bilen syn etdiler. Ümeçi gelin-gyzlar halylary taýýarlamagyň
inçe tilsimlerini ussatlyk bilen açyp görkezdiler. Olaryň ýerine ýetiren
gazallarydyr läleleri baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.
Şeýle giň möçberli çäreler Gyzylarbat, Esenguly we Bereket çeper halyçylyk
kärhanalarynda hem uludan tutulyp, olarda öňdebaryjy halyçylara gymmatbahaly
sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli uludan tutulan dabaralarda edilen çykyşlarda ata Watanymyzyň berkararlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy, türkmen halysynyň şöhratyny dünýä ýaýmakda amala aşyrýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy.