Goşa mukaddesligiň baýramy

Balkanabat şäheriniň gözel künjegindäki Baş baýdak
meýdançasynda ir säherden Döwlet senamyzyň joşgunly ýaňlanyp, ýaşyl Tugumyzyň
ýokary galdyrylmagy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň
gününiň şowhunly dabarasynyň badalgasyna öwrüldi. Şatlyk-şowhuna,
ruhubelentlige beslenen baýramçylyk dabarasynda buýsançly çykyşlara uly orun
berildi. Çykyşlarda aýratyn nygtalyşy ýaly, goşa mukaddesligiň senesi agzybir
halkymyzy has-da jebisleşdirýän, synmaz ruhuny açyp görkezýän, şöhratly geçmişimizi,
häzirki bagtyýar durmuşymyzy, röwşen geljegimizi dabaralandyrýan ajaýyp
baýramdyr. Konstitusiýamyz ýurt Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň, täze
taryhy eýýamyň giň gerimli özgertmeleriniň mizemez hukuk binýadydyr. Ýaşyl
Tugumyz bolsa dünýäniň çar künjünde, iri halkara guramalaryň binalarynda
pasyrdap, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
üstünliklere besleýän parahatçylyk söýüjilikli döwlet syýasatynyň mazmunyny
dünýä ýaýýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi parahatçylygyň berkarar bolmagy ugrundaky
tagallalarymyzyň bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygynyň subutnamasydyr.
Dabarada edilen şeýle buýsançly çykyşlaryň dowamy Esasy Kanunymyzy, Döwlet baýdagymyzy, baky Bitaraplygymyzy, täze taryhy eýýamyň beýik tutumlaryny wasp edýän joşgunly, milli tanslara beslenen aýdym-sazlara, täsirli sahnalara utgaşdy. Medeni çykyşlaryň dowamynda dürli röwüşli howa şarlary, parahatçylygyň nyşany bolan ak kepderiler asuda asmany bezedi.