Habarlar

Enä tagzym, tagzym — mukaddeslige

19.02.2025

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň ýurdumyzyň döwlet drama teatrlarynyň arasynda yglan eden «Mähre doly eneleriň ýüregi» atly döredijilik bäsleşigi Balkanabat şäherindäki welaýat döwlet drama teatrynda täze sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi bilen badalga aldy.

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabyndaky rowaýatlar esasynda Baýramsoltan Gurbanowa bilen Öwezmämmet Galandarowyň ýazan edebi esasynda «Enä tagzym, tagzym — mukaddeslige» ady bilen sahnalaşdyrylan sahna oýnunda halkymyzyň enä bolan garaýşy, hormat-sarpasy açylyp görkezilýär.

Öwezmämmet Galandarowyň režissýorlyk etmegindäki sahna oýnunda maşgalanyň agzybirligini, abatlygyny goramagy özüniň mukaddes borjy hasaplaýan enäniň asylly häsiýetleri, sabyr-kanagatlylygy beýan edilýär. Oýnuň terbiýeçilik ähmiýeti örän ýokary bolup, pederlerimizden dowam edip gelýän ýol-ýörelgeleri ýaşlaryň özlerine nusga edinmelidigi hem-de ene süýdüniň ynsan durmuşyndaky ähmiýeti baradaky düşünjeler onuň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

«Enä tagzym, tagzym — mukaddeslige» atly sahna oýnunyň tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalary bilen garşylanmagy ony döretmäge gatnaşanlaryň yhlasly zähmetiniň ýerine düşendiginiň güwäsidir. Oňa tomaşa edeniňde, keşpleriň tomaşaçylaryň ýadynda galmagy üçin sahna ussatlarynyň köp zähmet siňdirendiklerine, sahna bezeginiň beýan edilýän wakalar bilen özboluşly sazlaşygy döredendigine göz ýetirýärsiň.

Biziň welaýatymyzdan badalga alan bu döredijilik bäsleşiginiň jemi Halkara Zenanlar gününe gabatlanylyp jemlener.