Sallançak edebi — döwrüň owazy

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat
birleşmesiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de welaýat Taryhy we ülkäni
öwreniş muzeýiniň Halkara Zenanlar güni mynasybetli bilelikde yglan eden
«Medeni mirasyň paýhas çyragy, sallançak edebi — döwrüň owazy» atly bäsleşiginiň
welaýat tapgyry geçirildi.
Maşgalanyň dowamaty bolan perzentleri terbiýeläp
ýetişdirmekde, olaryň sagdyn ösüp-ulalmaklaryny gazanmakda ene hüwdüsi we çaga
sallançagy derwaýysdyr. Ene hüwdüsiniň we sallançagyň nesil terbiýesindäki
ähmiýetini, körpejäniň rahat hem kadaly ösüşine edýän täsirini ýaş enelere
düşündirmek, olara degerli maslahatlary bermek, ene-mamalarymyzyň durmuş
tejribesini ýaş eneleriň mynasyp dowam etdirmegini gazanmagy wagyz etmek döwrüň
öňe çykarýan meselesidir.
Ine, şol maksatdan ugur alnyp geçirilen bäsleşige onuň
deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdylar. Olar, şertlere
laýyklykda, berlen wagtyň dowamynda sallançak bilen bagly
düşünjelerini çeper sözlerde beýan etdiler, sallançaga degişli rowaýatlary,
tymsallary gürrüň berdiler. Ýerine ýetiren hüwdüleriniň dowamynda maşgala
mukaddesligine çäksiz sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman
Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar. Her bir öýde sallançagyň badynyň
ýatmazlygyny arzuw etdiler. Çaga sallançagynyň we çagany hüwdülemegiň olara
ýetirýän täsiri barada berlen sowallara dogry we anyk jogap bermekde
birek-birekden kem durmadylar.
Netijede, Türkmenbaşy şäherindäki 4-nji orta mekdebiň
mugallymy Doýduk Ýazmämmedowa baş baýraga mynasyp boldy. Türkmenbaşy etrabynyň
Irikli obasynyň ýaşaýjysy Ogulboldy Artykowa birinji, Etrek etrabynyň Etrek
şäheriniň ýaşaýjysy Süýşe Gulmämmedowa ikinji, şol etrabyň Akýaýla obasynyň
ýaşaýjysy Ogulbike Mämmetnurowa üçünji orunlary eýelediler.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we sowgatlar
gowşuryldy.