Habarlar

Magtymguly Pyragy — köňülleriň şahyry

14.06.2024

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli  welaýat we Magtymguly etrap häkimlikleriniň guramaklarynda etrap merkezinde dabaraly çäreler geçirildi.

«Magtymguly Pyragy» muzeýiniň mejlisler jaýynda «Magtymguly Pyragy — köňülleriň şahyry» ady bilen geçirilen dabaraly maslahat ýokary ruhubelentlige beslenip, oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaraly maslahatda edilen çykyşlarda nygtalyşy ýaly, ömrüni öz mähriban halkyna hyzmat etmäge bagyşlan Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsi ummanlar ýaly giňdir we çuňdur, baý we köpugurlydyr. Öz ýaşan döwründäki türkmen durmuşyny, türkmen topragyna çäksiz söýgüsini, tebigatyň gözelligini, ahlak päkligini nusgalyk derejede beýan etmegi başaran dana Pyragynyň döredijiliginde watançylyk temasy esasy orunlaryň birini eýeleýär. Agzybir ýaşamak, berkarar döwlet gurmak baradaky taglymlary häzirki ajaýyp zamanamyzda hasyl bolan dana şahyrymyz dünýä edebiýatynda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetdir.

         Dabaraly maslahatyň dowamynda şahyryň goşgularyna döredilen aýdymlary  bagşylar uly hyjuw hem joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Çäreden soňra oňa gatnaşanlar muzeýe aýlanyp, ol ýerdäki gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Şeýle-de bu ýerde guralan sergini hem olar uly gyzyklanma bilen synladylar.

Şol günüň ikinji ýarymynda «Magtymguly Pyragy» muzeýiniň öňündäki meýdançada kalplary joşa getirýän aýdym-sazly konsert geçirildi. Medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlap, aýdym-sazlarda, «Akyldary sarpalap, galkyndyryp çar ýany, toý-baýrama beslenýär Pyragynyň mekany» atly edebi-sazly kompozisiýada eziz Watanymyzyň, ajaýyp zamanamyzyň, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli işleriň, beýik Pyragynyň waspy belentden ýetirildi. Magtymguly Pyragynyň aýdyma öwrülen setirleri hem belentden ýaňlandy.