Habarlar

Bagtyýar çagalara ajaýyp sowgat

03.06.2024

Magtymguly etrabynyň Magtymguly şäherinde «Arkadagly nesiller» atly döwrebap çagalar medeni dynç alyş merkeziniň açylmagy Çagalary goramagyň halkara gününiň hem-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şatlyk-şowhunyny has-da belende göterdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna mahsus ýokary guramaçylyga hem-de ruhubelentlige beslenen dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bagtyýar çagalar  hem-de etrabyň köp sanly ýaşaýjylary agzybirlik bilen gatnaşdylar.

Baýramçylyk lybasyna beslenen döwrebap toplumyň çägi şatlyk-şowhuna beslenip, joşgunly aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Çagalar döredijilik toparlarynyň taýýarlan çykyşlary açylyş dabarasynyň möhüm bölegine öwrülip, olaryň çuňňur many-mazmunynda ýurdumyzyň nurana geljeginiň eýeleri hem-de egsilmez kuwwaty bolan ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi üçin hemmetaraplaýyn aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlar beýan edildi.

Açylyş dabarasynda döwrebap çagalar medeni dynç alyş merkeziniň gurluşyk işlerini ýerine ýetiren Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Sanjar gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň öňdebaryjy gurluşykçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar şowhunly el çarpyşmalar astynda gowşuryldy.

 Şunuň ýaly täsirli pursatlardan soňra ýaşulularyň ak patasy bilen toý bagy kesilip, toplumyň işine badalga berildi. Şol pursatda bagtyýar çagalaryň şatlykly sesleri belentden ýaňlanyp, dürli reňkli howa şarlary asuda asmana bezeg berdi. Umumy tutýan meýdany 1,5 gektardan gowrak bolan bu merkezde çagalaryň wagtlaryny şadyýan hem-de peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilipdir. Şonuň üçin bu ýerde dürli ýaşdaky adamlar hem, ýaşlykdan işjeň dynç almak hem-de sport bilen meşgullanmak ýaly endikler öwredilýän çagalar hem boş wagtlaryny gyzykly, işjeň, göwnejaý geçirip bilerler. Munuň özi dynç alyş toplumynyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. 

Merkeziň çäginde dürli attraksionlar, şol sanda dürli şekildäki aýlanýan hiňňildikler, çagalar üçin awtodrom, çagalar meýdançasy, garbanyşhana, çaga oýnawaçlarynyň hem-de azyk harytlarynyň dükany hem-de beýlekiler ýerleşýär. Hemişe gök öwsüp oturan baglaryň hem-de owadan gülleriň arasynda  oturgyçlar goýlupdyr. Bulardan başga-da, döwrebap merkezde edara binasy ýerleşip, onda işgärleriň netijeli işlemegi üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Agşam çagynda onuň çägindäki täsin, owadan çyralar dynç alyş merkeziniň gözelligine gözellik goşup, nurana şöhle saçýar. Şeýle-de merkezde awtoduralga, dürli tehniki otaglar, beýleki ugurdaş desgalar göz öňünde tutulypdyr.

«Arkadagly nesiller» çagalar medeni dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dürli medeni çärelere besleýän Magtymguly etrabynyň ähli ýaşaýjylary üçin hakyky baýramçylyga öwrüldi. Bagtyýar çagalar Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza şeýle ajaýyp serpaýy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Olaryň päk ýürekden çykýan alkyşlary we hoşallyklary dabaranyň tutuş dowamynda ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda, aýdyp beren goşgularynda mynasyp beýanyny tapdy.