«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti
gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň
nebit we nebit önümleri guýulýan hem-de kabul edilýän täze 3-nji gämi duralgasy
hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly ak patasy bilen ulanmaga berildi.
Beýik Britaniýanyň «Petro Gas LLP» kompaniýasy bilen
zawodlar toplumynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda gurlan täze
desganyň ýyllyk kuwwaty nebit
önümlerini ýüklemek boýunça 2 million 60 müň tonna, çig nebiti we nebit
önümlerini düşürmek boýunça bolsa 1 million 150 müň tonna deňdir.
Täze gämi duralgasynda döwrebap zähmet we iş şertleri
döredilip, ýangyn howpsuzlygynyň hem-de daşky gurşawy goramagyň düzgünleri kämil enjamlaryň kömegi bilen
awtomatlaşdyrylan usulda amala aşyrylýar.
Desganyň ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan dabaradan
soňra toý sadakasy berlip, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman
Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, eziz
halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna alyp barýan beýik
işlerinde mundan beýläk-de rowaçlyklar dileg edildi.
Tomusky dynç alyş möwsüminiň şu ajaýyp günlerinde
bagtyýar çagalar güneşli ülkämiziň çar künjegindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş
merkezlerinde dynç alyp, saglyklaryny berkidýärler, wagtlaryny şadyýan geçirýärler, birek-birek
bilen dostlaşýarlar. Kitaphanalar, naharhanalar, kompýuter otaglary, sport
zallary... merkezlere dynç almaga barýan ýaş nesilleriň hyzmatynda. Iň oňat
şert-mümkinçilikler döredilen şeýle döwrebap merkezleriň biri-de «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagyndaky Balkan welaýat häkimliginiň «Balkan» dynç alyş we
sagaldyş merkezidir.
Bu merkez 300 orundan ybarat bolup, onuň 200-si uly
adamlara, 100-si bolsa çagalara niýetlenilendir. «Balkana» dynç almaga gelýän
raýatlar, şol sanda çagalar mähir bilen garşylanylýar we uly alada bilen gurşalyp
alynýar. Olaryň ýokary derejede dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri,
sport bilen meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri üçin ähli
şertler üpjün edilipdir. Deňziň salkyn kenaryndaky döwrebap merkezde çagalaryň
şadyýan gülküleri al-asmana göterilýär. Dürli çäreler, döredijilik
bäsleşikleri, sport ýaryşlary, deňziň jana şypa beriji howasy, tebigatyň
gözelligi olaryň ýadynda hemişelik galýar.
Çagalar deňziň kenarynda, şeýle-de «Jadyly kenar», «Älemgoşar», «Deňiz merjeni» atly oýun-attraksionly seýilgählerde ýygy-ýygydan gezelençde bolýarlar. Olar köpçülikleýin geçirilýän çärelere uly höwes bilen gatnaşýarlar, aýdym aýdýarlar, goşgy okaýarlar, surat çekýärler, sportuň dürli görnüşleri boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralýan medeni çäreler, sport ýaryşlary körpeleri hasam begendirýär. Küşt, şaşka, futbol boýunça ýaryşlar, «Kim çalasyn?» atly bäsleşikler çagalaryň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrýar.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 4 — 8-nji awgust aralygynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna bagyşlanyp welaýat
häkimliginiň guramagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Ýer ýüzüniň
parahatçylygyň, dost-doganlygyň merkezi» atly maslahat geçirildi.
Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen çärede edilen çykyşlarda dünýä ýaň saljak bu halkara maslahatyň ata Watanymyzyň şan-şöhratyny, hemişelik Bitaraplygymyzyň Ýer ýüzündäki ähmiýetini, ornuny has-da artdyrjakdygy hakynda buýsanç bilen gürrüň edildi. Şeýle-de türkmen halkymyzyň ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarly ýol-ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüljekdigi nygtaldy. Dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, dost-doganlygyň dabaralanmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň
agzasy, telekeçi Halmämmet
Amanmämmedowyň bagçylygy ösdürmekde
bitirýän işleri guwandyryjydyr. Ol Balkanabat şäheriniň golaýyndaky Düzmergen
ýaýlasynda döwlet tarapyndan
99 ýyl möhlet bilen bölünip berlen ýer böleginde eken bagçylygynda bol hasylyň
kemala gelmegini gazandy. Telekeçi
bagban 5 gektar ýer böleginde ösdürip ýetişdiren 5 müň 500 düýpden gowrak
miweli baglaryna agrotehniki talaplara laýyk idegi ýola goýdy. Şonuň
netijesinde hem üstümizdäki ýylda bereketli hasylyň eýesi boldy.
Şu günler bu ýerdäki baglarda ýetişdirilen datly miweleri
ýygnamak işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Telekeçiniň bagçylyk bölüminde
zähmet çekýän bagbanlar miweli baglaryň
bitginli hasylyny ýygnamakda hem-de elýeterli nyrhlardan
ilata ýetirmekde yhlasly zähmet
çekýärler. Bu ýerde erik, alma, armyt, şetdaly, garaly ýaly baglaryň ir, aralyk
we giç ýetişýän görnüşleri bar. Häzire çenli baglardan ýyglyp alnan miweleriň
möçberi 6 tonnadan geçdi. Telekeçi bagban möwsümiň ahyryna çenli dürli
miweleriň 40 tonna golaýyny ýygnap almagy maksat edinýär.
Ýeri gelende aýtsak, işjanly telekeçiniň Düzmergen ýaýlasynda Türkiýede, Gollandiýada öndürilen enjamlar bilen üpjün edilen ýyladyşhanasy hem hereket edýär. Gök önümleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen, meýdany 4 gektara barabar bolan ýyladyşhanada ýaşlaryň altmyşdan gowragy zähmet çekýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başyndan bäri ýyladyşhanadan ýygnalyp alnan pomidor hasylynyň möçberi 656 tonnadan geçipdir. Şonuň 516 tonnasy daşarky bazarlarda ýerleşdirilipdir.
Ajaýyp zamanamyzda gelin-gyzlarymyzyň el senedine aýratyn sarpa goýulýar.
Türkmeniň durmuşynda hiç wagt özüniň gymmatyny gaçyrmaýan, nepisligi,
owadanlygy, ulanmaga amatlylygy, ynsan saglygy üçin ähmiýetliligi bilen
tapawutlanýan keçe taýýarlamak işi hem häzirki döwürde döwrebap röwüşde, kämil
derejede dowam etdirilýär. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Zenanlar
birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli
merkeziniň we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň
bilelikde yglan eden «Gülüň owadan!» bäsleşigi hem aýan edýär.
Bäsleşigiň welaýat tapgyry Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi»
binasynyň öňündäki meýdançada geçirilip, oňa etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan
zenanlardan düzülen toparlar gatnaşdylar. Ak öýlerimiziň bezegi bolan milli
keçelerimiziň ajaýyp nusgalarynyň taýýarlanylyşyny açyp görkezmegi,
gelin-gyzlarda ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän asylly gylyk-häsiýetleri
terbiýelemegi, ýaşlarda milli gymmatlyklarymyza bolan höwesi artdyrmagy maksat
edinen bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, zenanlar keçe taýýarlamakda ulanylýan
usullar, gerek bolan gurallar we olaryň atlary barada gürrüň berdiler. Keçe
üçin gerekli bolan ýüňi saýlamak, saýmak, daramak, boýamak, pişge etmek,
pişgäni işmek, keçe ýazyljak gamşy taýýarlamak ýaly işleri ýerine ýetirdiler.
Berlen wagtyň dowamynda keçe güllemekde we basmakda bir-birinden kem durmadylar.
Olaryň keçe hakyndaky aýdyp beren rowaýatlary, nakyllary, yrymlary bäsleşigiň
täsirliligini artdyrdy. Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan medeni
mirasymyzy, milli gymmatlyklarymyzy öwrenmekde, döwrebap kämilleşdirip,
geljekki nesillere ýetirmekde giň ýollary açýan Gahryman Arkadagymyza,
Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdylan alkyşly sözler bäsleşige gatnaşan
zenanlaryň ýürek owazy bolup ýaňlandy.
Bäsleşigiň netijesi boýunça Esenguly etrabyndan gelen zenanlar topary baş
baýraga mynasyp bolup, onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bereket etrabynyň topary birinji, Türkmenbaşy we Etrek etraplarynyň toparlary
bolsa degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.