Habarlar
28.05.2022

Bereket etrabynda ýerleşýän «Nurly meýdan» daýhan hojalygy öndürýän azyk önümleriniň möçberlerini hem-de görnüşlerini artdyrmakda döredijilikli işleýän hususy kärhanalaryň biridir. Daýhan hojalygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýokary talaplaryndan ugur alyp, oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan özgertmelere işjeň goşulyşýar. Munuň özi daýhan hojalygyna ekerançylyk meýdanlaryny özleşdirmekde, maldarçylygy, aýratyn-da guşçulygy ösdürmekde guwandyryjy netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda hojalygyň ekin meýdanynyň umumy möçberi 393 gektara ýetip, şonuň agramly bölegine ot-iýmlik ekinler ekilýär.

Daýhan hojalygy ýyllyk kuwwaty 8 müň tonna barabar bolan towuk etini öndürýän bölümi, 12 million jüýje çykarmaga niýetlenen inkubatorly guşçulyk toplumyny, 16 million ýumurtga öndürmäge ýöriteleşdirilen toplumy, 100 tonna et öndürmäge mümkinçilik berýän maldarçylyk toplumyny özünde jemleýär. Bu ýerde idedilýän guşlar üçin ýokumly iýmleri öndürýän, ýyllyk kuwwaty 70 müň tonna bolan zawodyň hereket etmegi öndürilýän önümleriň bahasynyň elýeterliliginde wajyp ähmiýetlidir. Şeýle hem hojalygyň ýylda 500 müň sany bägül ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhanasy bar.

«Nurly meýdan» daýhan hojalygy boýunça ýylyň başyndan bäri 681 tonnadan gowrak towuk eti öndürilip, sarp edijilere ugradyldy. Bu döwürde öndürilen ýumurtganyň umumy sany 2 million 716 müňden geçdi. Çykarylan jüýjeleriň sany 1 million 152 müňe barabar bolup, guşlar üçin niýetlenen ýokumly iýmleriň 2 müň 379 tonnadan gowragy öndürildi.

27.05.2022

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň welaýat ýörite sungat mekdebi, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly mynasybetli geçiren dabaraly çäresine edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, talyplar gatnaşdylar.  

Çäräniň dowamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ähli ugurlarda ösüş-özgerişleriň sazlaşykly alnyp barylýandygy, aýratynam, ýaş nesliň berk bedenli, bilimli, hemmetaraplaýyn kämil, Watanymyzyň daýanjy bolup ýetişmekleri üçin giň ýol açylýandygy, olaryň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da belende göterilmegi ugrunda alnyp barylýan işlere mynasyp goşan goşýandyklary barada buýsanç bilen söhbet edildi.

Medeniýet we sungat ussatlarynyň, çeper höwesjeňleriň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan aýdym-sazlarda eziz Diýarymyzyň waspy belentden ýetirildi.

25.05.2022

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ilkinji ýylynda umumybilim berýän orta mekdepleri üstünlikli tamamlaýan uçurymlaryň durmuşynda bagtly pursatlaryň biri bolan «Soňky jaň» dabarasy welaýatymyzyň merkezi Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasyna gül goýmak çäresinden başlandy. Uçurymlar ata Watanymyzyň berkararlygynyň baş nyşanlarynyň biri bolan Döwlet baýdagymyza ter gül desselerini goýup, oňa tagzym etdiler. Soňra dabaralar welaýat merkezindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji hem-de tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdeplerde dowam etdi. Bagtyýar uçurymlar, bilim işgärleri, ata-eneler welaýat, şäher häkimlikleriniň, welaýat Baş bilim hem-de medeniýet müdirlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen şowhunly dabaralaryň arzyly myhmanlary boldular. Mekdep müdirleriniň dabaralary açyk diýip yglan etmekleri bilen, Türkmenistanyň Döwlet senasy belentden ýaňlandy.

Göreldeli uçurymlar bilim ojagynyň bosagasyndan ilkinji gezek ätlejek körpelere bilimler dünýäsiniň «altyn açaryny» dabaraly ýagdaýda gowşurdylar. Şeýle-de dabarada okuwda aýratyn tapawutlanan uçurymlar hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlara, jemgyýetçilik guramalarynyň ýadygärlik sowgatlaryna, welaýat Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlaryna mynasyp boldular.

Ýakymly pursatlaryň dowamy soňky jaňyň owazyna ulaşdy. Şol pursatda uçurymlaryň ak arzuwlarynyň nyşany bolan ak kepderiler, dürli röwüşli howa şarlary asuda asmanyň bezegine öwrüldi. Dabaralaryň dowamynda mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň taryhy pursatlary, paýtagtymyz Aşgabadyň gözellikleri, abadan durmuşymyz taryplandy.

Uçurymlaryň gatnaşmaklarynda «Türkmeniň ak öýi» binasyna, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, welaýat kitaphanasyna guralan gezelençler ýatda galyjy pursatlara beslendi. Welaýat kitaphanasynyň öňünde guralan aýdym-sazly çykyşlar dabaralaryň şowhunyny has-da artdyrdy.

23.05.2022

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde onlaýn görnüşinde abraýly halkara bäsleşikleriň biri — UNIPO — 2022 halkara taslama bäsleşigi geçirildi. Oňa Balkanabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň mugallymy Saparnepes Atabaýewiň ýolbaşçylygynda bu mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Eziz Tatarow we 10-njy synp okuwçysy Meýlis Gaýypgulyýew gatnaşdylar. Bäsleşikde okuwçylaryň IT programmalaşdyrmak ugry boýunça hödürlän «Sagdyn durmuş» atly programmasy altyn medala mynasyp görüldi.

Halkara bäsleşige Indoneziýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Laosdan, Makedoniýadan, Mozambikden, Mýanmadan, Türkiýeden, Wýetnamdan, Russiýadan, Özbegistandan... alty ugur boýunça zehinli okuwçylaryň 100-e golaý işi hödürlenildi. Şolaryň arasynda türkmen ýaşlarynyň saýlanyp, baýrakly orna mynasyp bolmagy hormatly Prezidentimiziň bilim syýasatynyň oňyn netijeleri berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

19.05.2022

Türkmenistanyň Konstitusýasynyň kabul edilmeginiň hem-de Döwlet Baýdagynyň 30 ýyllyk şanly seneleri mynasybetli Esasy Kanunymyzyň mazmunyny onda beýan edilen kadalary ýörelgeleri adam hukuklaryny azatlyklaryny goramak boýunça amala aşyrylýan işleri düşündirmek,wagyz nesihat etmek, Döwlet Tugumyzy dabaralanmak maksady bilen ýaş raýatlarda hukuk kämilligini kemala getirmek ösdürmek,  adam  hukuklary baradaky düşünjeleri ýokarlandyrmak we hukuk bozulmalarynyň öňüni almak maksady bilen Serdar şäheriniň 11-nji, 12-nji, 13-nji orta mekdeplerinde TDP-nyň Serdar şäher komiteti, Serdar şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň sport mekdebi, TMÝG-nyň Balkan welaýatynyň Serdar şäher Geňeşiniň gurnamagynda wagyz nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşukda ýurdumyzda syýasy, ykdysady, durmuş we medeni ulgamlarda giň möçberli özgeritmeler amala aşyrylýar. Demokratik dünýewi huk döwletiniň gurulmagy onuň ösüşiniň ähli ulgamlarynyň hukuk taýdan kadalaşdyrylmagy bilen utgaşdyrylýar. Döwlet Baýdagymyz biziň milli guwanjymyz we buýsanjymyzdyr.Ýaşyl tugumyz ýaş nesillerde watan söýjüligi terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr,türkmen döwletiniň,milletimiziň synmaz nyşanydyr diýip belläp Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň jany sag ömrüniň uzak bolmagyny arzuwladylar.