Habarlar
30.06.2025

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dürli dabaralaryna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň köp mazmunly çäreleri biri-birine ulaşýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň welaýat şahamçasynyň Balkanabat şäherindäki awtotürgenleşik meýdançasynyň açylyş dabarasy şeýle çäreleriň üstüni ýetirdi. Dabara welaýat, Balkanabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, Mejlisiň deputatlary, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň işgärleri gatnaşdylar.

         Dabarada söz nobatyny alanlaryň nygtaýyşlary ýaly, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz milli ykdysadyýetiň geljegi uly bolan ulag we kommunikasiýalar pudagynyň okgunly ösüşini üpjün etmäge aýratyn üns berýär. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakda, ýokary başarnykly hünärmenleri taýýarlamakda gazanylýan üstünlikler muny doly tassyklaýar. Bu gün dabaraly ulanyşa tabşyrylýan awtotürgenleşik meýdançasy şeýle aladalaryň ajaýyp miweleriniň biridir. Çykyş edenler şeýle döwrebap awtotürgenleşik meýdançasyny gurduryp beren Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler. Şeýle hoşallyk sözleriniň dowamy sungat ussatlarynyň täze taryhy eýýamyň beýik işlerini, eşretli durmuşymyzy, baky Bitaraplygymyzy taryplaýan joşgunly aýdym-sazlaryna, milli tanslaryna utgaşdy.

         Dabaranyň dowamynda gurluşyk işlerinde tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Şeýle-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň welaýat şahamçasyna sowgat eden dürli kysymly täze awtoulaglarynyň açarlarynyň şowhunly el çarpyşmalar astynda gowşurylmagy aýratyn täsirli boldy.  

                Soňra dabara gatnaşyjylar ýaşulularyň ak patasy arkaly ulanyşa tabşyrylan awtotürgenleşik meýdançasynyň, ondaky döwrebap binalaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň buýurmasy boýunça Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky «Demirbetonönümleri» kärhanasy tarapyndan gurlan binalaryň hem-de meýdançanyň kämil enjamlardyr tilsimatlar bilen üpjün edilmegi hemmelerde çuňňur kanagatlanma döretdi. Umumy tutýan meýdany 5 gektardan geçýän awtotürgenleşik meýdançasy kämil kompýuterler, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary ornaşdyrylan okuw otaglarynyň 10-syny özünde jemleýär. Şol sanda bu ýerde kiçi we uly awtoulaglary wideogözegçilik arkaly dolandyrmaga şert döredýän ýöriteleşdirilen okuw otaglarynyň 2-si ýerleşýär. Meýdança­­da okuw tür­gen­le­şik­le­riniň ge­çi­rilýän wagtynda u­lag­la­ryň he­re­ke­ti ba­ra­da­ky mag­lu­matla­ryň hem­ra ara­gat­na­şy­gy ar­ka­ly dis­pet­çer ota­gy­na ýe­ti­ril­me­gi, ulag­la­ryň he­re­ke­ti­ne on­laýn gö­zeg­çi­liginiň ama­la aşyryl­ma­gy ýa­ly aý­ra­tyn­lyk­lar işiň ýokary hilini üpjün edýär. Aw­tou­lag­lar­da or­naş­dy­ry­lan GPS en­jam­la­ry tür­gen­le­şik wagtyn­da ýol he­re­ke­ti­niň ka­da­la­ry­nyň bo­zul­ma­lary­ny dessine bel­li­ge al­ýar hem-de düzgün bozmalar barada gö­zeg­çi­le­re ha­bar ber­ýär. Okuw tür­gen­le­şik wagtyndaky äh­li he­re­ketler barada­ky mag­lu­mat­laryň ýö­ri­te ar­hiw bin­ýa­dyn­da uzak wagtlap sak­lan­magy okuw ders­le­riniň ne­ti­je­liligine, geljekki sü­rü­ji­le­riň hünärleri içgin özleşdirmeklerine oňyn täsirini ýetirýär. Toplumyň şunuň ýaly döwrebap tehnologiýalara we enjamlara daýanmagy hünär öwrenijileriň birbada 300-sine okuw sapaklaryny geçmäge giň mümkinçilik berýär. Iş otaglarynyň döwrebap aragatnaşyk enjamlary, kompýuterler, ýokary hilli mebeller we beýleki zerurlyklar bilen üpjün edilenligini hem bellemek gerek. Munuň özi Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň welaýat şahamçasynyň hünärmenlerini netijeli we halal zähmet çekmäge ruhlandyrýar. 

30.06.2025

«Parahat eýýamda bagtyýar zaman, uzak ýaşa, uzak ýaşa, Arkadag!» ady bilen welaýat döwlet drama teatrynda  geçirilen aýdym-sazly dabara Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygyna bagyşlandy. Şatlyk-şowhuna, uly ruhubelentlige beslenen dabara welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dürli ulgamlarda zähmet çekýän işgärler, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.  

Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler ýygnananlary Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň dowamat-dowam bolmagy ugrunda amala aşyrýan geçirýän beýik işlerinde mundan beýläk hem uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňra welaýatyň sungat ussatlarynyň çykyşlaryna orun berildi. Aýdymçylaryň, tans toparlarynyň, teatr artistleriniň ýerine ýetiren joşgunly çykyşlarynyň içinden ata Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda ebedilik orun almagy, halkymyzyň asuda, parahat, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edip, beýik işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözleri eriş-argaç bolup geçdi. Şol pursatlarda sahnadaky uly monitorda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen  ýurdumyzda gazanylan ösüşleri, ýetilen belent sepgitleri, şanly wakalary wasp edýän wideoşekiller görkezilip, olar ajaýyp çykyşlar bilen özboluşly sazlaşygy emele getirdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň üstünliklerini, güneşli Diýarymyzyň gözelliklerini wasp edýän şirin owazly aýdym-sazlar, joşgunly tanslar gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylandy. Ýerli şahyrlaryň okan goşgulary aýdym-sazly dabaranyň täsirliligini artdyrdy. Häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan küştdepdi tansy bu ýere ýygnanlaryň şatlygyny artdyrdy. 

27.06.2025

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 27-nji iýunynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Medeniýet hepdeligini türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň baýramy görnüşinde geçirmek maksady bilen, 2026-njy ýylda Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Karara gol çekmegi welaýatymyzyň ýaşaýjylarynyň kalplaryny egsilmez buýsanja, guwanja besledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kabul eden bu çözgüdi mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen hoşallyk maslahaty muny aýdyň görkezdi. Ondaky buýsançly çykyşlarda nygtalyşy ýaly, geljek ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda welaýatymyzda geçiriljek Medeniýet hepdeligi milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň, edebiýatymyzyň ösüşinde möhüm ähmiýete eýe bolar. Sebäbi bu sungat baýramy medeniýet we sungat işgärlerini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy tutumlaryny, bagtyýar durmuşymyzy, röwşen geljegimizi, berkarar ýurdumyzyň barha belende göterilýän abraý-mertebesini, şan-şöhratyny wasp etmekde has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Şeýle hem umumadamzat ösüşine mynasyp goşant goşýan medeniýetimiziň, sungatymyzyň, edebiýatymyzyň täze ösüşlere eýe bolýandygyny, baýlaşýandygyny görkezýär.

Joşgunly aýdym-sazlara beslenen maslahatda medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde dünýä ýaýmakda şeýle uly aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

27.06.2025

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda welaýatymyzda ýaýbaňlandyrylan çäreler biri-birine ulaşdy. Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragy muzeýiniň öňündäki meýdançada, Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesinde gojaman Hazar deňziniň kenarynda geçirilen baýramçylyk çäreleri şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslendi. Baýramçylygyň esasy dabarasy bolsa Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçirildi. Oňa welaýat, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, bagtyýar ýaşaýjylar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Baýramçylyk dabarasy welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň taýýarlan edebi-sazly kompozisiýasy bilen açyldy. Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary joşgunly tanslar bilen utgaşyp, olarda söz ussady Magtymguly Pyragynyň,  medeniýetimiziň, sungatymyzyň, täze taryhy döwrümiziň beýik ösüş-özgerişleriniň waspy belentden ýetirildi. Ussat şahyryň şygyrlaryna döredilen türkmen halk aýdymlary bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlady. Folklor toparlaryň ýerine ýetiren joşgunly tanslaryna, küştdepdidir gazallaryna, welaýat drama teatrynyň artistleriniň ussat şahyra bagyşlap taýýarlan sahna oýnundan bölege uly gyzyklanma bilen tomaşa edildi. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergide muzeý gymmatlyklaryna, milli aýratynlyklarymyzy şöhlelendirýän, asyrlaryň synagyndan geçip, biziň şu günlerimize gelip ýeten amaly-haşam sungatynyň önümlerine, el işlerine, neşir önümlerine we beýleki sungat eserlerine giň orun berildi.

Türkmen medeniýeti we sungaty barada uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylan alkyşly sözler baýramçylyk dabarasynyň dowamynda joşgunly ýaňlandy. 

18.06.2025

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde şu günler bagtyýar ýaş nesiller tomusky dynç alyş möwsüminiň hezilliklerden doly günlerini başdan geçirýärler. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde hem ýaş nesiller iň oňat şertlerde dynç alýarlar.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde ýaş nesilleriň wagtlaryny şadyýan hem gyzykly geçirmegi, oňat dynç almagy, bedenlerini berkitmegi, ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmagy üçin döredilen şert-mümkinçilikler bilen tanyş bolanyňda, göwnüň hoş bolýar. Bu merkezde täze okuw ýylyna çenli, ýagny tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar tapgyrma-tapgyr dynç alýarlar we her tapgyrda 280 çaga kabul edilýär.  Häzirki wagtda bu ýerde ýurdumyzyň çar künjeginden gelen deň-duşlary bilen tanyşýan we dostlaşýan körpeleriň şatlygyna şaýat bolanyňda, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň olar hakyndaky aladalarynyň öz ajaýyp miwelerini berýändigine göz ýetirýärsiň.

«Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan körpeleriň arasynda dürli bäsleşikler, sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. Olar sportuň dürli ugurlary boýunça güýç synanyşýarlar, aýdym aýtmakda, goşgy okamakda, surat çekmekde başarnyklaryny görkezýärler. Merkezdäki kompýuter otagy, kitaphana, naharhana, sport zaly we meýdançasy, howuz… körpeleriň hyzmatynda. Olar kitaphanada gyzykly ertekileri okaýarlar. Dürli gurnaklara gatnap, aýdym aýdýarlar, saz çalýarlar. Muzeýlerdäki taryhy gymmatlyklar bilen tanyş bolýarlar. Deňziň kenarynda gezelenç edýärler. Ol ýerde köpçülikleýin sport maşklaryny höwes bilen ýerine ýetirýärler. «Jadyly kenar», «Älemgoşar», «Deňiz merjeni» oýun-attraksionly seýilgählere guralýan gezelençler has-da täsirli bolup, çagalar ol ýerlerde dürli oýunlary oýnaýarlar, hiňňildiklerde uçýarlar.

Hawa, «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar bu ýerde hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalýar, olaryň özleri üçin iň ýokary derejede edilýän hyzmatlardan göwünleri örän hoş.