loading

Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda «Zehin — zehinden zyýada» ady bilen etrap, şäher başlangyç hünär okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda bäsleşik geçirildi. Talyp gyzlar türkmen milli tagamy bolan unaşy kesmekde, işdäaçar taýýarlamakda, döwrebap egin-eşikleri tikmekde bäsleşdiler. Netijede, «tikinçi-biçimçi» hünäri boýunça Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň başlangyç hünär okuw mekdebiniň talyby Altyntäç Taýlyýewa, «aşpezlik işi» hünäri boýunça Gumdag şäher häkimliginiň başlangyç hünär okuw mekdebiniň talyby Nurtäç Mämmetgeldiýewa ýeňijiler diýip yglan edildi.

Habarlar