loading

Merjen Gurbantaganowa saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýär. Ol esasy işiniň daşynda indi 15 ýyl bäri Bereket etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginde bugdaýdyr pagta ekmek bilen meşgullanyp gelýär. Ýylyň-ýylyna bol hasyl alýan zenan diňe bir etrapda däl, welaýatda-da öňdäkileriň hatarynda tanalýar. Ol şu ýyl 10 gektar kärende ýerinde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirip, ilkinjileriň hatarynda şertnamalaýyn borçnamasyny ýerine ýetirdi. Kärendeçi zenan häzirki wagtda 5 gektar ýerde oňat gögeriş gazanylan gowaçalaryň hatarara bejergi işlerini hem talabalaýyk amala aşyryp, olara şerbet suwuny tutmagyň aladasy bilen. Bu işlerde oňa ogullary Amangeldidir Umytgeldi ýakyndan ýardam berýärler. Ýeri gelende aýtsak, kärendeçi zenan jemgyýetçilik işlerine hem işjeň gatnaşýar. Ol şu ýyl «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň ýurdumyz boýunça geçirilen jemleýji tapgyrynda ýeňiji bolup, «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany» diýen ada mynasyp boldy.

Habarlar