loading

Balkanabat şäherindäki 20-nji çagalar bagynda “Ýylyň terbiýeçisi — 2021” bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan tejribeli terbiýeçiler gatnaşdylar. Terbiýeçiler bäsleşigiň şertine görä sapak geçip, ýaş nesilleri terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýe bolan okuw-görkezme esbaplaryny ulanyşlaryny, häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan ýerlikli peýdalanyp, iş tejribeleri esasynda toplan öňdebaryjy iş usullaryny görkezdiler. Netijede, Türkmenbaşy şäherindäki 32-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Gunça Gylyçtaganowa birinji orna mynasyp bolup, “Ýylyň terbiýeçisi” diýlip yglan edildi. Ol bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Habarlar