loading

Golaýda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan ýyladyşhana ulanylmaga berildi. Onuň umumy tutýan meýdany 4 gektar bolup, ýylda her gektardan 20-50 tonna gök önümleri ýetişdirmek göz öňüne tutulýar. Ýyladyşhana welaýatymyzyň telekeçileriniň ilatymyzy özümizde öndürilýän önümler bilen üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelere mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryna şaýatlyk edýär. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna mynasyp sowgat bolan täze ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilýän gök önümler diňe bir içerki sarp edijilere ýetirilmän, eýsem, daşarky bazarlara hem eksport ediler.  Eziz Diýarymyzda hususy işewürlere berýän kömek-goldawlary üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys — diýip, gök önümleri ýetişdirýän döwrebap ýyladyşhananyň ýolbaşçysy Myratdurdy Nazlyýew gürrüň berýär.

Habarlar