loading

Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň garamagynda medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarynyň, muzeý işgärleriniň arasynda okuw maslahaty geçirildi. «Ýurdumyz parahat, iller abadan» diýlip atlandyrylan okuw maslahatynda edara-kärhanalarda tebigy betbagtçylyk ýüze çykan halatynda ilkinji kömegiň berlişi, gurulýan binalarda, desgalarda döräp biläýjek hadysalaryň öňüni almak, her bir işe ýokary jogapkärçilik bilen çemeleşmek barada gürrüň edildi.

Habarlar