loading

«Soňky jaň» dabarasy Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde  hem uly joşguna beslendi. Baş baýdak meýdançasynda guralan gül goýmak çäresi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçen dabaralaryň özboluşly badalgasyna öwrüldi. Uçurymlar baharyň ter gül desselerini goýup, mukaddes Tugumyza tagzym etdiler. Çäräniň dowamynda okuwda we jemgyýetçilik işlerinde has tapawutlanan uçurymlara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Orta mekdeplerde geçirilen dabaralarda çykyp geplän bilim işgärleri, ene-atalar  ak mekdepleri üstünlikli tamamlap, uly durmuşa gadam basýan ýaşlara ak ýol arzuw etdiler. Soňra uçurymlar «Soňky jaň» dabarasy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli welaýat kitaphanasynyň öňünde guralan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa etdiler. Şowhunly aýdym-sazlarda, tanslarda ajaýyp döwrümiz, ak mermerle beslenen Aşgabat, bagtyýar ýaşlyk wasp edildi. Welaýat Taryhy we we ülkäni öwreniş muzeýine, welaýat kitaphanasyna guralan gezelençler  baýramçylygyň täsirli pursatlarynyň üstüni ýetirdi. «Soňky jaň» dabaralary welaýatyň ähli orta mekdeplerinde şatlyk-şowhuna beslendi.

Habarlar