loading

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komiteti bilen welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guramaklarynda «Ýaşlara ýol-ýörelge Arkadagyň eserleri» ady bilen mekdebiň talyplarynyň arasynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda talyplar toparlary eziz Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren eserlerinden bir bölegini monolog ýa-da kompozisiýa görnüşlerinde labyzly ýerine ýetirdiler, bir parçany sahnalaşdyrdylar, soraglara jogap berdiler. Gyzykly hem-de täsirli geçen bäsleşigiň jemi jemlenilende, bagşyçylyk sungaty bölüminiň talyplaryndan düzülen topar birinji orna mynasyp görüldi. Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary, sazyň taryhy we nazaryýeti bölümlerinden düzülen topar ikinji, aýdym aýtmak sungaty-wokal bölüminiň talyplary üçünji orunlary eýelediler.

Habarlar