loading

«Gara Altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Hazar şäher geňeşi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň şäher birleşmesi şäheriň 370-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsyzlyk bölümi bilen bilelikde dynç alýan çagalaryň arasynda  «Ýaş ýangyn söndürijiler» ady bilen bäsleşik geçirdiler. Oňa «Umman», «Tolkun», «Deňizçi», «Bagtyýar» toparlary gatnaşdylar. Toparlaryň agzalary dürli päsgelçiliklerden geçmekde, ýangyn söndüriji gurallardan peýdalanmakda, tanap çekmekde ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşikde «Deňizçi» topary ýeňiji boldy. Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşanlara Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Habarlar