loading

,,Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany” ýylynda Esenguly  etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölümi, Esenguly etrap Kärdeşler Arkalaşygy  bilen bilelikde gurnamagynda etrabyň edara-kärhanalarynyň erkekleriň we aýal-gyzlaryň arasynda saglyk aýyna bagyşlap etrabyň açyk birinjiligini almaklyk  ugrunda sportuň stolyň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşyň netijesi boýunça oglanlaryň arasynda I-oruna Ekerem Buraw işler  müdürliginiň işgäri Analyýew Ýunus, II-oruna Esenguly etrabynyň sport we  ýaşlar syýasaty bölüminiň sport mekdebiniň tälimçisi Nyýazberdiýew Ýunus, III-oruna Maliýe bölüminiň işgäri Ýusupgylyjow Nowruz dagylar mynasyp  boldylar. Aýal-gyzlardan I-oruna Esenguly etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň  sport mekdebiniň kätibi Aşyrowa Arazbibi, II-oruna Medeniýet merkeziniň işgäri  Kömekowa Maral, III-oruna bolsa etrap hassahanasynyň işgäri Gylyjowa  Gyzylgül mynasyp boldylar. Ýaryşda  ýeňiji  bolanlara  Esenguly  etrap  sport  we  ýaşlar  syýasaty  bölüminiň  sport  mekdebiniň  hormat  hatlary  we  jemgiýetçilik  guramalary   tarapyndan  ýädigärlik  sowgatlary  gowşuryldy. 

Habarlar