loading

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýat, Balkanabat şäher häkimlikleri hem-de welaýat Baş bilim müdirligi bilelikde 18-nji çagalar bakja-bagynda «Ýaňlansyn dünýäde çaga gülküsi» diýen at bilen dabaraly çäre geçirdiler. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Çärede Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda körpe nesliň uly üns-alada bilen gurşalyp alnandygy, Türkmenistanyň bagtly çagalygyň ýurdudygy barada gürrüň edildi. Ýaş nesil barada atalyk aladasyny edýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy. Çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän körpeleriň ýerine ýetiren tanslary, «Şalgam» ertekisi esasynda goýlan sahna oýny çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Soňra ýaş nesilleri terbiýelemekde göreldeli zähmet çekýän bilim işgärlerine welaýat häkimliginiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň Hormat hatlary we sowgatlary gowşuryldy.

Habarlar