loading

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat hem-de Magtymguly etrap birleşmeleriniň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň welaýat bölüminiň we serhet birikmesiniň bilelikde guramaklarynda Magtymguly Pyragy muzeýine gezelenç guraldy. Akyldar şahyryň dünýä medeniýetinde aýratyn orny eýeleýän döredijiligi barada täsirli söhbet edilen gezelenjiň dowamynda muzeý gymmatlyklary, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler, Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen içgin tanyş bolan ýaş esgerler ata Watanymyza, eziz halkymyza, hormatly Prezidentimize bolan buýsançlaryny goşgularda beýan etdiler.

Habarlar