loading

2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli TDP-niň Balkanabat şäher komitetiniň guramagynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde söhbetdeşlik geçirilip, ol «Bagtyýar halkymyz Siziň bilendir, eziz Arkadagymyz!» diýlip atlandyryldy.

         Partiýanyň şäher komitetiniň hem-de welaýat merkezindäki edara-kärhanalaryň ilkinji partiýa guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen söhbetdeşlikde 2020-nji ýylda edilen işlere seljerme berildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda ýerine ýetirilmeli wezipeler, durmuşa geçirilmeli işleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Habarlar