loading

Hormatly Prezidentimiziň galla oragyna başlamaga beren ak patasyndan ruhlanyp, Balkan welaýatynyň gallaçy kärendeçileri bugdaý hasylyny ýygnamaklyga guramaçylykly girişdiler. Jogapkärli möwsümiň öň ýanynda oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň hem-de ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmaklarynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç guraldy. Täsirli gezelenjiň barşynda oba hojalygyna we şöhratly geçmiş taryhymyza degişli gymmatlyklara syn edildi.

Balkan welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda orak möwsümine bagyşlanyp geçirilen maslahatda möwsümi ýokary guramaçylykda geçirmekde öňde durýan anyk wezipeler hem-de agrosenagat toplumynda gazanylýan üstünlikler barada giňden durlup geçildi.

Orak möwsümine badalga bermek dabarasy welaýatyň Bereket etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň ekin meýdanynda ýokary guramaçylyga beslendi. Bu ýerde aýdym-sazlar belentden ýaňlanyp, dürli sergiler guraldy.

Galla kabul ediş bölüminde bugdaý hasylynyň ilkinji tonnalary ýüklenen awtoulag kerwenini garşylamak dabarasy hem uly ruhubelentlige beslendi. Bu ýerde hem aýdym-sazlar joşgunly ýaňlanyp, oba hojalygynyň depginli ösüşiniň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözleri aýdyldy. Harmanyňyza bereket, edermen babadaýhanlar!

Arkadag Prezidentimiziň sargydyna eýerip, il sylagly ýaşulular galla oragyna başlap berdiler. Soňra kuwwatly kombaýnlar galla meýdanynyň çetinden girdiler. Beýik Garaşsyzlygymyzyň taryhy senesiniň toýlanýan ýylynda welaýatda ak bugdaýyň 80 müň tonnasyny ýygnamak meýilleşdirilip, bu sepgide ýetmekde kombaýnlaryň 162-siniň, awtoulaglaryň 810-synyň hyzmatyndan peýdalanylar.

Habarlar