loading

Magtymguly etrabynyň daýhanlary 3200 gektar ýerden 5100 tonna bugdaý almak baradaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler. Olar şu günler ekin meýdanlaryndaky hasyly soňky dänesine çenli ýygnap almak işini gowşamaýan depginlerde alyp barýarlar. Ýetişdirilen bol hasyly öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almakda Arkadag Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp beren, ähli amatlyklary bolan kuwwatly kombaýnlary kärendeçi daýhanlaryň ynamly daýanjyna öwrüldi. Kämil galla orujy kombaýnlar möwsümiň bütin dowamynda bökdençsiz işledildi. Ähli zerurlyklar bilen birkemsiz üpjün edilen tehniki taýdan hyzmat ediş toparlary oraga gatnaşýan tehnikalaryň bökdençsiz işini gazanmagy başardylar. Hasyl ussatlarynyň gündelik taýýarlan ak bugdaýynyň hiliniň oňat enjamlaşdyrylan barlamhanalarda gözden geçirilmegi talabalaýyk ýola goýuldy. Tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi hasyl ussatlaryny täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrdy. Şonuň üçin hem kärendeçiler bugdaýy orlan meýdanlardaky samanlary ýygnap almak, ýerleri üstümizdäki ýylyň güýzlük bugdaý ekişine irgözinden taýýarlamak üçin sürüm işlerine hem eýýämden guramaçylykly girişdiler. Ajaýyp zähmet ýeňşini gazanan Magtymguly etrabynyň gallaçylary halal zähmet çekmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.

Habarlar