loading

Welaýat Baş bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdepde Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Watanymyzyň ýüregidir Aşgabat» ady bilen bäsleşik geçirildi. Oňa balkanabatly mekdep okuwçylary hem-de bilim ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Olar Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan birini ýatdan aýtmakda, şeýle-de özleriniň akyldar şahyrymyzy, döwrümizi, Aşgabady, dost-doganlygy, parahatçylygy, agzybirligi wasp edýän goşgularyny okamakda güýç synanyşdylar. Netijede, mekdep okuwçylaryndan 2-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Gurbanbagt Nuryýewa birinji orna mynasyp bolmagy başardy. Bilim işgärleriniň arasyndaky bäsleşikde bolsa 25-nji çagalar bagynyň aýdym-saz mugallymy Ogulbagt Ataýewa öňdäki orny eýelemegiň hötdesinden geldi.

Habarlar