loading

Balkan welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet, Baş bilim müdirlikleri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilen bilelikde  «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde  «Biz — Garaşsyz Watanyň bagtyýar çagalary» diýen at bilen geçiren aýdym-sazly dabarasyna welaýatyň etrap-şäherlerinden zehinli çagalar hem-de döredijilik toparlary gatnaşdylar. Çärede «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan il ýurt bähbitli ägirt uly tutumlary dogrusynda söhbet edildi. Zehinli çagalaryň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan döwrebap aýdym-sazlar, çagalar döredijilik toparlarynyň joşgunly tanslary, labyzly okalan goşgular şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Habarlar