loading

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Hazar şäherinde ýerleşýän «Gara Altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan körpeler wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Munuň üçin bu ýerde ähli şertler döredilipdir. Kompýuter otaglary, mejlisler zaly, kitaphana çagalaryň hyzmatynda, bu ýerde çagalaryň hünäre bolan söýgüsini artdyrmakda uly ähmiýeti bolan gurnaklar hereket edýär. Merkezde çagalaryň arasynda dürli medeni çäreler, sport ýaryşlary, bäsleşikler yzygiderli guralýar. Körpeler multfilmlere we türkmen halk ertekileri esasynda sahnalaşdyrylan oýunlara tomaşa edýärler. Tebigatyň we şäheriň gözel ýerlerine gezelençler guralýar. Bagtyýar körpeler özleri barada döredilýän ajaýyp şertler üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.

Habarlar