loading

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş gününiň uly dabaralara beslenýän günlerinde Balkan welaýatynda ýaşaýan uruş weteranlaryna: Türkmenbaşy şäherinden Güýzli Ýarjykowa, Hazar şäherinden Ildar Wahitowa, Serdar şäherinden Orazguly Muhammedowa döwletli maşgala ojaklarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gymmatbahaly sowgatlary gowşuryldy.

Şäher häkimlikleriniň, şäher harby wekillikleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri uruş weteranlaryny Ýeňiş güni bilen gutlap, olaryň janynyň sag bolmagyny arzuw etdiler.

Ýalynly ýyllaryň esgerleri, bagtyýarlyk döwrümiziň gojalary hormatly Prezidentimiziň sowgatlaryny ýüze sylyp, özlerine goýýan hormat-sarpasy üçin alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Habarlar