loading

Balkan welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Balkan welaýat bölüminiň hasabat-saýlaw ýygnagy geçirildi. Onda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan oňyn özgertmeleri, halkymyzyň bagtyýar hem rowaç durmuşynyň bähbidine gönükdirilen Milli maksatnamalary, hormatly Prezidentimiziň kabul edýän Kararlaryny zenanlaryň arasynda wagyz etmekde, maşgala mukaddesligini berkitmekde, milli mirasymyzy dabaralandyrmakda, ene-mamalarymyzyň el hünärini ýaş nesillere ýetirmekde, watansöýüji, döwrebap, sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan geçen döwürde alnyp barlan işlere seljerme berlip, öňde duran möhüm wezipeler kesgitlendi. Hasabat-saýlaw ýygnagynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Balkan welaýat bölüminiň täze düzümi saýlandy.

Habarlar