loading

Türkmenistanyň  Senagatçylar  we telekeçilerbirleşmesiniň edara jaýynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň  gurnamagynda TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi bilen bilelikde  Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň giňişleýin mejlisinden gelip çykýan esasy wezipeler boýunça maslahat  geçirildi. Maslahatda çykyş edenler ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleri hem-de ýaramaz endikleriň adamyň bedenine ýetirýän zyýany barada gürrüňler  edildi. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan berkarar döwletimizde ynsan saglygyny goramak, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurt baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ynsan saglygyny gorap saklamakda bimöçber işler alnyp barylýar. Il saglygyň ýurduň baýlygy bilen deňelýän döwletde ýaş nesliň ruhy kämilligini bilim-terbiýe, ylym, hünär bilen kämilleşdirmek iş olaryň beden saglygyny gorap saklamak baradaky aladalar bilen utgaşdyrylýar. Elbetde, munuň üçin bolsa, ilkinji nobatda, halkymyzy zyýanly endiklerden, bet piselerden gorap saklamak meselesi esasy wezipeleriň biri bolup durýar.Duşuşygyň ahyrynda maslahat gatnaşyjylarBerkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe agzybir hem zähmetsöýer halkymyzyň asuda hem eşretli durmuşda ýaşamagy, ösüp gelýän ýaş nesilleriň geljegi hakynda yzygiderli alada edýän Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleriniň mydama rowaçlyklara beslenmegini, janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Habarlar