loading

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Onda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda telekeçiligi goldamak, ösdürmek babatda alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň edilip, ýaş telekeçileriň kemala gelmegine ýakyndan ýardam bermek, olary höweslendirmek barada aýratyn nygtaldy. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşýan telekeçileriň, ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň öňünde durýan wezipeler barada hem durlup geçildi.

Telekeçiligiň ösdürilmegi, ýaşlaryň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagy ugrunda ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri aýdyldy.

Habarlar