loading

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň milli synçylaryna Balkan welaýat saýlaw topary tarapyndan şahsyýetnamalary gowşurmak dabarasy boldy.

Milli synçylar TDP-niň Balkan welaýat komiteti, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komiteti, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komiteti, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Balkan welaýat bölümi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi, TMÝG-niň Balkan welaýat geňeşi hem-de raýatlar topary tarapyndan bellenildi. Balkan welaýat saýlaw topary tarapyndan 88 adam milli synçy hökmünde bellige alnyp, olara şahsyýetnamalar gowşuryldy.

Habarlar