loading

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen welaýat birleşmeleriniň arasynda wideoşekilli maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň öňünde goýan wezipelerinden ugur alnyp geçirilen maslahataTürkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyňBalkan welaýat birleşmesiniň jogapkär işgärleri gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň içeri hem-de daşary syýasatyny, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri, gazanylýan üstünlikleri wagyz etmekde, jemgyýetimiziň demokratik kadalaryny we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda öňde duran möhüm wezipeler barada giňişleýin söhbet edilen maslahatda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilmeli çäreleriň ýokary derejelere beslenmelidigi nygtaldy.

Habarlar