loading

Balkanabat şäherindäki 21-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda mekdep okuwçylarynyň arasynda «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Balkan welaýat bölüminiň, Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň, Balkan welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, TMÝG-niň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda maslahat geçirildi.

«Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ynsan saglygyny goramak, ýaşlaryň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistan döwletimizde her bir raýatyň sport, bedenterbiýe bilen meşgullanmagy, berk bedenli, sagdyn ruhly nesilleri kemala getirmekugrundauly işler durmuşa geçirilýär» diýip, maslahatda çykyş edenler bellediler. Ýaşlary sporta höweslendirmekde dünýä nusgalyk beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Habarlar