loading

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi TDP-niň welaýat komitetleri bilen sanly ulgam arkaly wideoşekilli maslahat geçirdi. Oňa TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň jogapkär işgärleri hem gatnaşdylar.

Maslahatda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda göz öňünde tutulan çäreler, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny dabaralara beslemek, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji saýlawlaryny guramaçylykly geçirmek boýunça giňişleýin gürrüň edildi.

Öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 16-njy dekabrynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda beren maslahatlarynyň ýol görkeziji bolup durýandygy aýdylyp, olara hötde gelmek üçin her bir partiýa guramasynyň we partiýa agzasynyň işi täzeçe gurap, has döredijilikli, işjeň zähmet çekmelidigi nygtaldy.

Maslahatda ýurdumyzy gülledip ösdürýän, halkymyzyň abadan durmuşy barada ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

Habarlar