loading

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Senagat plastik» hojalyk jemgyýeti 2018-nji ýylyň tomsunda toplumlaýyn gaplanylýan dürli önümleriň, harytlaryň ýüklenmegi, düşürilmegi, ammarlarda talaba laýyk ýerleşdirilmegi hem-de uzak wagtyň dowamynda saklanmagy üçin zerur bolan plastik poddonlary öndürýän zawodyň işini ýola goýdy.

Başlangyç tapgyrda zawodyň ýyllyk önümçilik kuwwaty iki gatly ýükasty plastmassa tekjeleriň 240 müňüsine deň bolan bolsa, eýýäm, bir ýyla golaý wagtyň dowamynda bu önüme bolan durnukly artýan islegler nazarda tutulyp, kärhananyň önümçilik kuwwaty iki esse artdyryldy. Şeýlelikde, häzirki wagtda bu ýerde ýylda 480 müňe çenli plastik poddon öndürilýär.

Sarp edijileriň islegleri göz öňünde tutulyp, kärhanada öndürilýän önümleriň görnüşleri hem artdyryldy. Öň hojalyk jemgyýeti plastik poddonlaryň iki görnüşini öndürýän bolsa, indi onuň kiçi ölçegdäki görnüşiniň önümçiligi hem ýola goýuldy.

Habarlar