loading

Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda TMÝG-niň Balkan welaýat geňeşiniň hem-de Balkan welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi bilelikde wagyz-nesihat çäresini geçirdiler. Onda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzda ýaş nesliň saglygyny goramagyň döwletiň ileri tutýan wezipeleriniň biridigi, bedenterbiýäniň we sportuň ýokary ösüşlere beslenýändigi barada giňden gürrüň edildi. Sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň mekanyna öwrülen ýurdumyzda ýaşlaryň bagtyýar geljegi ugrunda uly aladalary edýän mähriban Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Habarlar