loading

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň welaýat bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň birleşen tagallasy bilen «Türkmen ruhunyň synmaz sütüni» atly dabaraly maslahat geçirildi. Çärede edilen çykyşlarda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly, ýurdumyzyň Esasy Kanuny, mukaddes Tugy barada giňişleýin  gürrüň edildi. Halkymyzy nurana ertirlere alyp barýan eziz Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy arzuw edildi. Şahyrlar özleriniň täze ýazan goşgularynyň üsti bilen eziz Diýarymyzyň, Bagt Kanunymyzyň, ýaşyl Baýdagymyzyň waspyny ýetirdiler. Soňra muzeýe gezelenç guraldy.

Habarlar