loading

Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň öňündäki meýdançada Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Balkan welaýat, Balkanabat şäher häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda «Türkmen halysy — älem sazlaşygy» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onda çykyş edenler halyçylyk sungaty barada gürrüň edip, ony ösdürmekde uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza alkyş aýtdylar. Soňra welaýatymyzyň öňdebaryjy halyçylaryna jemgyýetçilik guramalary tarapyndan baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Zenanlaryň çeper ellerinden dörän, gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan haly we haly önümleriniň, el işleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň hem-de ýaş suratkeşleriň türkmen halylaryny wasp edip çeken suratlarynyň sergileri dabara gatnaşanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Baýramçylyk çäresinde welaýatyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren joşgunly aýdym-sazlarynda, tanslarynda, welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň sahna çykyşlarynda nepis sungatyň we çeper elli halyçylaryň waspy ýetirildi.

Habarlar