loading

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, türkmen alabaýynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça uly işler amala aşyrylýar. 25-nji aprelde, beýleki welaýatlar bilen birlikde, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Balkan welaýat merkeziniň açylyp, ulanylmaga berilmegi-de munuň aýdyň subutnamasydyr. Balkanabat şäheriniň gözel künjünde gurlan binalar toplumy türkmen alabaý itlerini saklamaga, köpeltmäge we olaryň tohumçylyk  işlerini alyp barmaga niýetlenendir. Bir gektar meýdanda ýerleşýän binalar toplumynda uly alabaý itleriniň 40-syny, güjükleriň bolsa 30-syny saklamaga mümkinçilik berýär. Toplumda alabaýlary gezdirmek, türgenleşdirmek, suwa düşürmek, weterinar hyzmatlaryny talaba laýyk alyp barmak üçin zerur bolan ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Görkezme çäreleri üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen meýdança hem-de 30 orunlyk tomaşa münberi toplumyň dürli binalarynyň üstüni ýetirýär. Bu ýerdäki edara binasy iki gatdan ybarat bolup, onda ähli zerurlyklary özünde jemleýän iş otaglary, wideo gözegçilik otagy, mejlisler zaly ýerleşýär. Bu ýerde zähmet çekjek hünärmenler üçin niýetlenen işgärler binasy iş we dynç alyş otaglaryny, naharhanany, hammamy hem-de beýleki zerur bolan otaglary özünde jemleýär. Toplum alabaý itlerini äkidip-getirmekde zerur bolan ýöriteleşdirilen ulaglar hem-de itleri iýmitlendirmek üçin niýetlenen tirkegli traktor bilen üpjün edilendir. Bökdençsiz elektrik energiýasy bilen üpjün etjek enjamlar bilen enjamlaşdyrylan toplumyň çäginde agyz suwy üçin, şeýle-de baglary suwarmak hem-de ýangyna garşy göreşmek ýaly zerurlyklara niýetlenen suw howdanlary hem guruldy. Merkeziň açylmagy mynasybetli guralan, şatlyk-şowhuna, aýdym-sazlara, buýsançly çykyşlara beslenen dabarada Gahryman Arkadagymyza ýürekden çykýan hoşallyk sözleri aýdyldy.

Habarlar