loading

Haýwanat we ösümlik dünýäsine baý bolan Günorta-Günbatar Köpetdagda guşlaryň 276-dan gowrak görnüşi bolup, tutuş Türkmenistanyň görnüş sanynyň 75 göterimine barabardyr. Goraghanada höwürtgeleýän 160 görnüşden 11-si: turaç, gara leglek, ütelgi, ýylançy gyrgy, bürgüt, sakgally garaguş, gyrgypisint garaguş, maslykçy, sähra garaguşy, garaguş, sähra göwenegi ýaly görnüşler Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Bu ýeriň haýwanat dünýäsiniň täsin guşlarynyň biri-de turaçlardyr. Olar sülgünler maşgalasyna degişli bolup, Etrek, Sumbar, Çendir derýalarynyň boýlarynda duş gelýärler. Turaçlar ýaprak, ter baldak, şireli miwe tohumlary, däneler, şeýle-de oba hojalygyna zyýan berýän murtly çekirtge, ýasmyk, garynja ýaly mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Esasan, suw ýataklarynyň golaýyndaky ýylgynlyk, böwürslenlik, gamyşlyk ýerlerde we ekerançylyk meýdanlarynyň çetlerinde mekan tutýarlar. Turajyň horazynyň reňki gara, bedeniniň aşagy tegelek ak tegmilli, arkasy we ganatlary dik goňur-çypar nagyşly, bili we guýrugy kese ak zolakly, boýnunyň töweregi goňur-gyzyl halkaly, çüňki gara, aýaklary gyzyl, mäkiýany öçügsi reňkli, ganatlarynyň uzynlygy 148-180 millimetre çenli bolýar. Turaçlaryň sanyny köpeltmek üçin ýaşaýan ýerlerini we köpelýän wagtlary olary berk gorag astyna almak hökmandyr. Olary goramak biziň hemmämiziň mukaddes borjumyzdyr.

Habarlar