loading

Deňziň ýa-da beýleki bir suw ýatagynyň kenarlaryna baryp, gezelenç edip, suwy synlanymyzda, ilki bilen, tersaýaklylar toparyndan bolan guşlara gözümiz düşýär. Olar ýakyn aralykda synlap duran adamlara-da üns bermän, özleriniň iýmit aladalary bilen başagaý bolup, suwa çümüp-çykyp ýörýärler. Olaryň tiz-tizden suwa çümüp, ussatlyk bilen ýüzüşleri, suwuň jümmüşinden ownuk balyjyklardyr leňňeçjikleri agyzlaryna alyp, ýene-de suwuň ýüzüne çykyşlary ünsüňi özüne çekýär. Bu guşlar uly ýaşly adamlaryň-da, çagalaryň-da iň eý görýän guşlarynyň biridir.

Näme üçin olara tersaýaklylar diýip at beripdirler? Sebäbi olaryň aýaklarynyň barmaklary beýleki guşlara garanyňda tersine oturdylan ýalydyr, ýagny olaryň barmaklary öňe tarap däl-de, gapdallara bakyp durýar. Tersaýaklylar gury ýerde oňat ýöremegi oňarmasalar-da, suwda beýleki guşlara garanyňda has ussatlyk bilen ýüzmegi başarýarlar.

Tersaýaklylaryň içinde uly tersaýagyň ýa-da kenarýaka awçylarynyň at berşi ýaly, gurjan diýilýän  guşlaryň belli bir bölegi ýaz  aýlarynda höwürtgeläp, köpelmek üçin biziň suw ýataklarymyzda saklanyp galýar. Esasy  bölegi bolsa höwürtgelemek üçin ýene-de demirgazykda ýerleşýän ýurtlara tarap uçup gidýär. Gurjan guşunyň höwürtgeleýiş döwri örän gyzyklydyr.

Gurjanyň ýumurtgadan çykan jüýjejikleri heniz kiçijikkäler, oňat ýüzmegi başarýarlar. Şonuň üçin olar höwürtgäni tiz taşlaýarlar we ene-atalary bilen bilelikde, hemişe suwda ýüzüp ýaşaýarlar. Suw we batgalyk guşlarynyň aglabasynyň jüýjeleri eneleriniň aşagyna girip ýylynýarlar. Gurjan we beýleki tersaýaklylaryň jüýjeleri bolsa, tersine, eneleriniň arkalaryna  münüp, arka ýelekleriniň aralarynda ýylynýarlar. Daşyndan synlanyňda ene guşlar ýolagçylary üstüne mündüren gaýyklary ýada salýar. Ýyrtyjy guş uçup gelip, jüýjelere howp abanan mahaly, ene guş arkasyndaky «gymmatly ýüki» düşürmeýär, ony göterip, bilelikde uçýar. Ýyrtyjy guşlar hem tersaýaklylaryň bu gylyk-häsýetlerine öwrenişipdirler. Olar jüýjejikleri aljak bolup, kän bir ilerläp durman, äwmezlik bilen gapdalyndan geçip gidýärler. Jüýjejikler ulalýança, olara ene-atalary howandarlyk edýärler, iýmitlendirýärler, ýyrtyjylardan goraýarlar. Iki-iki ýarym aý geçenden soň bolsa, çaga guşlar özbaşdak ýaşaýşa başlaýarlar.

Habarlar