loading

Balkanabat şäherindäki 29-njy çagalar bagynda körpelere edep-terbiýe bermekde terbiýeçileriň hünär ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda «Ýylyň terbiýeçisi» bäsleşiginiň şäher tapgyry geçirildi. Oňa gatnaşanlar okuw gollanmalary esasynda taýýarlan görkezme esbaplaryny, usuly-amaly işlerini hödürlediler. Körpeleri mekdebe taýýarlamakda, berk bedenli, sagdyn ruhly, edep-terbiýeli nesilleri kemala getirmekde, olary ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza wepaly adamlar edip ýetişdirmekde okuw-tejribeçilik işleriniň guralyşyny çykyşlaryň üsti bilen beýan etdiler.

Habarlar