loading

Hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli türkmen halkyna sowgat eden «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy Balkan welaýatynda ýokary guramaçylyga eýe boldy. Welaýat häkimliginiň welaýat kitaphanasynyň öňünde geçiren dabarasyna jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri hem-de talyplar gatnaşdylar.

         Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler paýtagtymyzyň düýni, şu güni barada gyzykly gürrüň berýän, oňat bezelen «Ak şäherim Aşgabat» atly  kitabyň watansöýüji, belent ahlakly, ýurdumyzyň üstünliklerine ýüregi bilen buýsanyp, ýetilýän belent sepgitlere mynasyp goşant goşmagy öz öňünde belent maksat edip goýýan nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde ähmiýetini nygtadylar. Ajaýyp eseri üçin  hormatly Prezidentimiziň adyna aýdylan hoşallyk sözleri dabaranyň tutuş dowamynda joşgunly ýaňlandy. 

Welaýat medeniýet müdirliginiň sungat ussatlarynyň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň zehinli talyp ýaşlarynyň ýerine ýetiren şirin aýdym-sazlary, milli tanslary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Habarlar