loading

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşi hem-de welaýat ýörite sungat mekdebi bu bilim ojagynyň talyplarynyň arasynda «Älemde parahatlyk — halkymyzyň şygary, türkmen üçin ezizdir dost-doganyň didary» atly döredijilik bäsleşigini geçirdiler.

Onuň maksady ösüşli-özgerişli, her bir güni belent sepgitleri nazarlaýan ýurdumyzda goşa-goşadan tutulýan toý-baýramlarymyzy wasp etmekden, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny, döwrümize bolan buýsanjy beýan etmekden ybarat boldy.

Bäsleşik diýseň şowhunly geçdi. Talyplaryň dürli dillerde ýerine ýetiren gazallary, «Alkyş size, Arkadag!» diýen aýdymy has-da täsirli bolup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy, tomaşaçylaryň göwün guşuny ganatlandyrdy.

Habarlar