loading

Welaýat kitaphanasynyň guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Magtymguly Pyragy —  türkmeniň ruhy sütüni» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Medeniýet we sungat, bilim işgärleriniň, ýerli şahyrlaryň, mährem eneleriň we talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen duşuşykda medeniýet ulgamyndaky ösüşler, Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada giňişleýin gürrüň edildi. Berkarar döwlet islän şahyryň şanyna täze ýazylan goşgular okaldy. Welaýat ýörite sungat mekdebiniň bagşy-sazandalarynyň ýerine ýetirmeginde beýik şahyryň sözlerine döredilen şirin owazly aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Ata Watanymyzyň, eziz Arkadagymyzyň beýik işleriniň, Magtymguly Pyragynyň waspy ýetirildi. Soňra «Şygryýet äleminiň öçmejek çyragy» atly kitap sergisine syn edildi.

Habarlar